1-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze mekdepleriň 5-si açyldy

  • 02.09.2021 07:53
  • 10k+
1-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze mekdepleriň 5-si açyldy

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň çäginde täze umumybilim berýän orta mekdepleriň 7-si açylyp ulanylmaga berildi. Olaryň gurluşygy türkmen telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy. Täze mekdepleriň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep hem bar.

 TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, bu mekdebe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy. Mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Dabarada A.Sähetmyradowyň gyzy D.Orazdurdyýewa hem çykyş etdi.

960 orunlyk täze mekdepde okuwlaryň, terbiýeçilik işiniň, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler döredildi. Okuwçylar döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dürli dersler boýunça okuw kitaplary bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar. Hususan-da, lingafon otagynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler göz ünde tutuldy. Bilimleri üstünlikli özleşdirmek üçin matematika, informatika, biologiýa, himiýa we beýleki derslere niýetlenen otaglarda degişli amatlyklar döredildi. Zähmet sapagy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar ornaşdyryldy.

Hormatly ýaşulular ýola goýlan asylly däbe görä, 1-nji synpa gelen körpelere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” kompýuterlerini gowşurdylar. Munuň özi bilimler dünýäsine gadam basýan körpe okuwçylaryň şatlygyny has-da artdyrdy.

Şeýle hem 1-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleriň ýene-de dördüsi açyldy.


01.08.2024 21:29
8.2k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy

31-nji iýulda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça okuwa girjek dalaşgärler üçin giriş synaglary başlandy. 28-nji iýulda kabul ediş möwsüminiň çäklerinde ýokary okuw...

24.06.2024 15:15
8.1k+

Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi okuwa çagyrýar

Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi isleg bildirýänleri talyplyga çagyrýar. Uzak möhletli 1 ýyllyk okuwlar Himiki bakteriologiki derňewiň laboranty – 10 aý Elektromantýor – 10 aý Aragatnaşygyň...

13.01.2024 07:56
11k+

2024-nji ýylyň sentýabrynda Bokurdak şäherçesinde döwrebap mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy açylar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdep we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlup ulanylmaga berler. Desgalaryň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk...

06.01.2024 22:04
14k+

Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde umumybilim berýän orta mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy gurlar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdep we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlar. Bu babatda degişli işleriň alnyp barlyşy barada wise-premýer...