2024-nji ýylyň sentýabrynda Bokurdak şäherçesinde döwrebap mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy açylar

  • 13.01.2024 07:56
  • 11k+

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdep we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlup ulanylmaga berler.

Desgalaryň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Ahal welaýatynyň häkimligine “Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany umumybilim berýän mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy üçin daşky eltiji inženerçilik ulgamlaryny çekip bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de umumybilim berýän mekdebi we umumy ýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......