Fransiýada teleseriallary döredijileri taýýarlamak üçin dünýädäki ilkinji kinomekdep açyldy

  • 01.09.2021 12:47
  • 4k+

Geljekki teleseriallary döredijileri okatmak boýunça dünýädäki ilkinji kinomekdep duşenbe güni Fransiýanyň demirgazygyndaky Lill şäherinde işe başlady. Bu barada France Bleu radiostansiýasy habar berýär. 

Uçilişe France T l visions döwlet mediaholdinginiň we TF-1 iň uly hususy fransuz teleýaýlymynyň filialy bolan Newen kompaniýasynyň bilelikdäki tagallalary bilen döredildi. Kinomekdebiň müdiriýetiniň başlygy Rodolf Bolmeriň aýtmagyna görä, “Lilli Ýewropanyň teleseriallar paýtagtyna, biziň döwrümiziň bu sungat eserlerini taýýarlamagyň, seljermegiň we döretmegiň merkezine öwürmek gerek” diýip, TASS belleýär.

Uçilişede bilim üç ugur boýunça alnyp barlar. “Ewrika” adyny alan birinji gurluş sentýabr aýynyň başynda ilkinji okuwçylaryny – Ýewropanyň dürli ýurtlarynda bu ugurda eýýäm işleýän 10 hünärmeni – esasanam, ssenariýaçylary we prodýuserleri kabul eder. 14 hepdäniň dowamynda olar teleseriallary döretmek we täjirleşdirmek boýunça hem nazary, hem amaly taýýarlygy geçerler. Okuwyň bahasy 3,5 müň ýewro, ýöne okuwçylaryň bir bölegi taslamany döredijilerden stipendiýa alar.

Ikinji ugur “magistr” derejesiniň diplomyny almaga mümkinçilik bermek bilen, taryh, ykdysadyýet, hukuk, dramaturgiýanyň esaslary ýaly dersler boýunça taýýarlygy öz içine alýar. Bir ýylyň dowamynda bu okuw kursuny on iki talyp geçer. Bu kurs Lilliň Syýasy ylymlar mekdebiniň bazasynda gurnaldy.

Üçünji ugur resmi däl “Tramplin” ady almak bilen, 2022-nji ýyldan başlap 17 – 25 ýaş aralygyndaky ýigrimi sany ýaş adamy, liseýleriň, kollejleriň we beýleki bilim edaralarynyň okuwçylaryny taýýarlamak üçin niýetlenendir. Olaryň teleserial boýunça hünär taýýarlygy esasy okuw bilen parallel alnyp barlar. 

Teleseriallary döretmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak baradaky taslama Fransiýanyň demirgazyk sebitinde O-de-Frans sebit geňeşiniň, Lill metropoliýasynyň we Milli kinematografiýa merkeziniň goldaw bermegi bilen amala aşyrylar.


02.06.2025 13:24
5.1k+

Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr...

17.05.2025 14:38
2.2k+

Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi...

17.04.2025 22:36
4.1k+

Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär...

17.03.2025 10:43
4.3k+

Pariž moda hepdeliginde içine zat salyp bolmaýan çyra-sumka hödürlendi

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Gantri dizaýn studiýasy Pariž moda hepdeliginde şöhle saçýan Bag Table Light atly sumkasyny tanyşdyrdy. Sumkanyň döredijileri ony «kutýur bilen bezegiň arasyndaky araçäkleri...