Alar Karis Estoniýanyň täze prezidenti boldy

  • 31.08.2021 23:43
  • 5.2k+

Estoniýanyň parlamenti sişenbe güni ýapyk ses berişlik arkaly nobatdan daşary sessiýada Estoniýanyň Milli muzeýiniň müdiri Alar Karisi respublikanyň prezidenti wezipesine saýlady. Onuň kandidaturasyny 101 deputatdan 72-si goldady, sekiz býulleten doldurylman galdy. Ses berişlige 80 deputat gatnaşdy.

30 ýylyň içinde ilkinji gezek Estoniýanyň prezidenti bäsdeşlik bolmazdan saýlandy. Karis ses berişligiň ikinji tapgyrynyň dowamynda saýlandy. Duşenbe güni geçirilen birinji tapgyryň dowamynda oňa 101 deputatdan 63-si ses berdi. Saýlanmak üçin ol azyndan 68 ses almalydy diýip, INTERFAX.RU belleýär.
Karis 1958-nji ýylyň 26-njy martynda doguldy. Ol molekulýar genetik we ösüş biology, şeýle-de Estoniýanyň Tebigy ylymlar uniwersitetiniň (2003 – 2007) we Tartu uniwersitetiniň (2007 – 2012) öňki rektorydyr. 2013-nji ýyldan ol döwlet gözegçisi bolup işledi, 2017-nji ýylda Estoniýanyň Milli muzeýine ýolbaşçy boldy.
Onuň aýaly Sirýe Karis Tartu şäher muzeýiniň müdiri. Olaryň uly iki ogly we gyzy bar.
Häzirki wagtda Estoniýanyň prezidenti 2016-njy ýylda bu wezipä saýlanan Kersti Kalýulaýddyr.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......