Serhetabat-Turgundy türkmen-owgan gözegçilik-goýberiş nokady durnukly işledilýär

  • 31.08.2021 21:20
  • 27k+

31-nji awgustda Serhetabat-Turgundy gözegçilik-goýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi internet saýtynda habar berilýär. 

Iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologik kadalaryň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarda serhet, gümrük we fitosanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bilen bagly ikitaraplaýyn özara hereketleriň häzirki meselelerine seredildi.

Serhetabat-Turgundy gözegçilik-goýberiş nokadynyň işiniň güýçlendirilmegi, hususan-da, ondan geçirilýän ýükleriň göwrüminiň artdyrylmagy, şeýle-de zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň üpjün edilmeginde degişli goldawlaryň berilmegi bilen bagly meseleler gepleşikleriň esasyny düzdi.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
982

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......