Microsoft Windows 11-i köne prosessorly kompýuterlere gurnamaga mümkinçilik berýär

  • 31.08.2021 09:38
  • 5.2k+

Microsoft köne kompýuterleri bolan ulanyjylaryň Windows 11 operasion sistemasyny gurnap biljekdiklerini habar berdi. Kompaniýa munuň prosessory we beýleki enjamlary gorag protokollary sebäpli täze OS bilen resmi taýdan gabat gelmeýän personal kompýuterlere degişlidigini aýdýar diýip, cybersport.metaratings.ru belleýär.

Sistemany Windows Update arkaly gurnamak üçin sekizinji nesil Intel-den ýa-da AMD Zen 2-den pes bolmadyk prosessor bolmaly. Microsoft şeýle talaplary kiçi model prosessorlarynyň goraglylygynyň gowşaklygy bilen düşündirýär.

Şeýle-de, kompaniýa Windows 11 operasion sistemasyny ISO-faýl arkaly gowşak personal kompýuterlere hem gurnamaga mümkinçilik berer. Ýöne Microsoft-yň bu usuly ýaýratmajakdygy habar berilýär, şeýle-de bolsa onuň kömegi bilen OS-y gurnamak bolar. Gurnamak üçin iki we ondan köp ýadroly 64-bitli prosessor (1 GGs), 4 GB operatiw ýat we 64 GB boş ýer gerek. 

Windows 11 24-nji iýunda resmi taýdan anons edildi. Operasion sistemanyň 2021-nji ýylyň güýzünde çykjakdygy habar berilýär. Windows 11-de Android programmalar AMD, Intel we ARM ulgamlarynda işlär.


17.03.2026 16:47
884

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.5k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
869

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...