Hytaý ilatyna COVID-19-a garşy iki milliarddan gowrak sanjym etdi

  • 31.08.2021 09:40
  • 8.4k+

Hytaýyň raýatlary COVID-19-a garşy iki milliarddan gowrak sanjym aldylar. Bu barada CNN teleýaýlymyna salgylanyp, Day.az habar berýär.

Edaranyň habaryna görä, ýurduň 1,4 milliard raýatyndan 889 million adama doly sanjym edildi. Sanjymlaryň ählisi Hytaýda öndürilen derman serişdeleriniň kömegi bilen amala aşyryldy. CNN teleýaýlymynyň bellemegine görä, häzirki wagtda dünýäde ähli sanjym dozalarynyň, takmynan, 40 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär.

Hökümet nobatdaky koronawirus ýaýrawynyň gözegçilik astyna alnandygy, 16-njy awgustdan bäri 11 günüň dowamynda täze kesel hadysalarynyň sanynyň azalandygyny aýtdy. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Pekin ilatynyň 80 göterimine koronawirusa garşy sanjym etmegi meýilleşdirýär, bu oňa kollektiw immuniteti gazanmaga kömek eder.

Ilat sanjymy boýunça soňky kampaniýa kämillik ýaşyna ýetmedikleri, garry adamlary, şeýle-de barmasy kyn bolan sebitleriň ýaşaýjylaryny öz içine aldy. Bu ilat toparlary hökümetiň raýat immunizasiýasy boýunça öňki programmasyna goşulmady.


03.04.2026 20:56
10k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

22.03.2026 15:20
3.3k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

28.02.2026 19:43
17k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

30.01.2026 11:41
9.6k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...