Özbegistanda COVID-19-a garşy iýilýän waksina döredildi

  • 29.08.2021 13:20
  • 34k+

Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Genomika we bioinformatika merkeziniň hünärmenleri koronawirusa garşy iýilýän waksinany işläp taýýarladylar. Bu barada özbekleriň Sevimli ýaýlymyndaky Zamon gepleşiginde habar berildi diýip, Sputnik Özbegistan ýetirýär.

«Biz klonlamak arkaly ösümligiň öýjügine koronawirus girizdik. «Waksina edilen» pomidory iýenden soň, ol adamyň bedenine düşýär we pomidoryň öýjüklerinden antibedenjikler bölünip çykýar» - diýip Merkeziň hünärmenleriniň biri habar berýär.

Alymlar bu taslamanyň üstünde şu ýylyň ýanwaryndan bäri işläp gelýärler. Pomidoryň we hyýaryň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däl, çünki bu önümler termiki taýdan gaýtadan işlemä sezewar edilmeýär. Ýagny ýokary temperaturalarda antibedenjikleri bölüp çykarmaly öýjükler dargaýar we bu hili waksina peýdasyz bolýar.

Dürli ýurtlaryň alymlary iýilýän waksinalary synagdan geçirýärler. Russiýada we Kanadada süýt we süle önümleriniň esasynda waksinalar işlenip düzülýär. Bu hili waksinalaryň kliniki synaglary tamamlandy.

Öň, Özbegistanyň innowasion ösüş ministri Ibragim Abdurahmanow Özbegistanyň Allergologiýa halkara merkeziniň Wena uniwersiteti bilen bilelikde iri taslamanyň üstünde işleýändigini habar beripdi.

Ministriň aýtmagyna görä, eger-de sygyrlara koronawirusa garşy sanjym etseň, olaryň süýdünde immunoglobin-A peýda bolar. Bu süýt gaýnadylman içilende adamyň organizminde wirusa garşy immunitet işlenip düzülýär we ol COVID-19 ýokanjyna garşy göreşýär.


04.03.2026 18:18
10k+

Özbegistan ABŞ-dan 300 sany uçýan awtomobil satyn almagy meýilleşdirýär

Samson Sky amerikan kompaniýasy we Özbegistanyň Air Tashkent awiakompaniýasy «Switchblade» atly uçýan awtomobillerini Özbegistana getirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Taraplar umumy bahasy 60 million dollar bolan 300 sany ulagdan ybarat tapgyr barada deslapky ylalaşyga geldiler diýip, PR Newswire portaly habar berýär...

18.02.2026 15:45
3.8k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar

Özbegistan 2028-nji ýylda 6U görnüşli ilkinji ylmy hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu hemra türki halklaryň görnükli astronomy, matematigi, akyldary we şahyry Mirzo Ulugbegiň hormatyna atlandyrylar. Şeýle hem Respublikada ýurduň ilkinji kosmonawtyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar...

19.08.2025 14:11
3.5k+

Özbegistanda Afrikanyň çäginden daşary ýaýyň ulanylmagynyň iň gadymy yzlary tapyldy

Halkara ylmy gözlegçileriň topary Özbegistanyň çäginde gadymy adamlaryň ýaý bilen oky, takmynan, 80 müň ýyl ozal ulanandygyny anyklady. Bu şeýle ýaragyň Afrikanyň çäginden daşary ulanylandygyna iň irki subutnamalaryň biridir diýip, RYA-nyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär...

07.08.2025 13:29
3.7k+

Fergana jülgesinde ösümligiň täze görnüşi tapyldy we oňa özbek botaniginiň adyny berdiler

Özbegistanyň Fergana jülgesinde Gagea urugynyň (gaz sogan, liliýalar maşgalasy) ösümliginiň täze görnüşi tapyldy. Bu barada ýurduň Ylymlar akademiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Ösümlik Andijan oblastyndaky Ymam dagynyň eteginde, Alaý gerşiniň çäklerinden tapyldy...