Tesla tutuş dünýäde 1 milliondan gowrak Model 3 elektromobilini satdy

  • 29.08.2021 02:37
  • 6.7k+

Tesla kompaniýasy Model 3 elektrik sedanynyň üstünligi baradaky habar bilen paýlaşdy. Tutuş taryhyň dowamynda bu ulagdan eýýäm 1 milliondan gowragy, has anyk aýdanymyzda, 1 031 588 sanysy satyldy. Bu barada carsweek.ru habar berýär.

Ikinji çärýek hasam üstünlikli boldy – bu döwrüň üç aýynda satuw mukdary 225 müň birlige ýetdi. Beýleki ulaglar barada gürrüň edilende, Tesla Model Y elektromobili 250 müň gezek satyn alyndy, şu ýylyň ahyryna çenli amerikan kompaniýasynyň wekilleri 500 müň nusga barada habar bermegi meýilleşdirýärler.

Has gymmat bolan Tesla Model S bilen Tesla Model X-iň satuwy pes boldy. Olardan 200 müň birlik satyldy. Tesla üçin bäsdeş hökmünde beýleki brendleriň wekilleriniň arasyndan ykjam Nissan Leaf awtomobilini görkezmek bolar. Bu awtomobile dünýäniň, takmynan, 500 müň adamy eýeçilik edýär. 

Häzirki wagtda Tesla-nyň iň uly bazary ABŞ-dyr. Ilon Maskyň kompaniýasy bu ýurtda elektromobil bazarynyň, takmynan, 70%-ine gözegçilik edýär. Tesla-nyň Hytaýda-da orny uly: 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýda elektromobil satuwy 1,12 million birlige ýetdi, 161 müňden gowragy hem Tesla modelleriniň paýyna düşdi. 

Tesla-nyň maliýe hasabatynda kompaniýanyň şu ýylyň birinji ýarymynda 386 050 awtomobil satandygy görkezilýär. Ýylyň ahyryna çenli kompaniýanyň satuw göwrümi 800 müň ulagdan geçip biler.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......