Sentýabr aýynda Garaşsyzlyk mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler

  • 28.08.2021 12:31
  • 27k+

Hökümetiň 27-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem sentýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň sanawy barada hasabat berdi.

Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli döredijilik duşuşyklary, sanly ulgam arkaly maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, şygryýet agşamlary, mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler we yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.
  • 1-nji sentýabrda Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem täze umumybilim berýän mekdepleriň açylyş dabaralary geçiriler.
  • Sentýabr aýynda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki täze binalaryň açylyş dabaralary bolar.
  • 27-nji sentýabrda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar guralar. Şanly sene mynasybetli Aşgabatda dabaraly baýramçylyk ýörişi, sungat ussatlarynyň konserti we feýerwerk geçiriler.
  • 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary guralar.
  • Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlyk yglan ediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk meselelerine jogapkärçilikli, toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belläp, sentýabr aýynda medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň sanawyny makullady we ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 03:24
6.4k+

Arkadag şäherinde bejergi alýan gyzjagazlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

8-nji martda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi...

düýn 03:19
7k+

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynda gelin-gyzlary gutlady

Halkara zenanlar gününiň bellenilýän säherinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda zenanlaryň baýramy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi...

düýn 01:39
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 7-nji martda Arkadag...

07.03.2026 19:23
13k+

Tejende döwrebaplaşdyrylan şäher awtomenzili açyldy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi. Binanyň durkuny täzelemek işleri ýolagçy gatnatmak hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we şäheriň ulag düzümini ösdürmek maksady bilen amala aşyryldy diýip, Awtomobil ulaglary ministrligi habar berýär...