BSGG: 30 ýylyň içinde dünýäde gipertonikleriň sany tas iki esse artdy

  • 27.08.2021 22:41
  • 7.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar bermegine görä, dünýäde soňky 30 ýylyň dowamynda arterial gipertenziýaly adamlaryň sany tas iki esse artdy.

Gurama barlaglarynyň netijeleri “The Lancet” lukmançylyk žurnalynda neşir edilen BSGG we Londonyň Imperiýa kolleji tarapyndan geçirilen “gipertoniýanyň ýaýramagy, ony ýüze çykarmak, bejermek we gözegçilik etmek tendensiýalarynyň ilkinji giňişleýin global derňewine” salgylanýar. Alymlar 184 ýurtdan 30 – 79 ýaş aralygyndaky 100 milliondan gowrak ýaşaýjynyň ölçenilen gan basyş maglumatlaryny seljerip, 1990-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda arterial gipertenziýaly adamlaryň sany “650 milliondan 1,28 milliarda çenli artdy” diýen netijä geldiler. BSGG-niň bellemegine görä, gipertoniýa “ýürek, beýni we böwrek keselleriniň howpuny ýokarlandyrýar we dünýäde ölümiň hem-de keseliň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar”. Bu kesel gan basyşyny ölçemek arkaly aňsatlyk bilen kesgitlenýär we ony arzan dermanlaryň kömegi bilen netijeli bejermek bolar.

Häzirki wagtda bu keselden pes we ortaça girdejili ýurtlaryň ýaşaýjylary has köp ejir çekýär, baý döwletlerde gipertonikleriň paýy azaldy. 2019-njy ýylda bu paý Kanadada, Peruda we Şweýsariýada has pes boldy, Dominikan Respublikasynda, Ýamaýkada we Paragwaýda zenanlaryň arasynda, Wengriýada, Paragwaýda we Polşada erkekleriň arasynda has ýokary boldy diýip, TASS belleýär. 

Gipertoniýany ýüze çykarmagyň we bejermegiň aňsatdygyna garamazdan, 580 mln töweregi adam bu keseliň bardygyny bilmeýär. 720 mln töweregi adam zerur bejergini almaýar. 

“BSGG-niň uly adamlarda gipertoniýany farmakologiki bejermek boýunça gollanma ýörelgeleri” resminamasynda ýurtlara gipertoniýada has netijeli kömek bermek üçin ýardam etmäge gönükdirilen täze maslahatlar saklanýar. Maslahatlarda derman bejergisiniň başlamalydygyny görkezýän gan basyş ölçegleri, dermany ýa-da derman birleşmelerini saýlamagyň ýörelgeleri, arterial basyşyň derejeleri, basyşy ölçemegiň ýygylygy görkezilýär. 

“Bu täze gollanma ýörelgelerinde saklanýan maslahatlara eýermek, gan basyşyny bejermek üçin derman serişdelerine elýeterliligi giňeltmek we ýeňilleşdirmek, süýji keseli we bar bolan ýürek keselleriniň hem ýüze çykarylmagyny we bejerilmegini üpjün etmek, iýmiti gowulandyrmaga we yzygiderli fiziki işjeňligi ösdürmäge ýardam etmek hem-de temmäki önümlerini berk düzgünleşdirmek arkaly ýurtlar adam janyny halas edip, jemgyýetçilik saglygy üçin çykdajylary azaldyp bilerler” – diýip, BSGG-niň ýokanç däl keseller boýunça bölüminiň müdiri doktor Bente Mikkelsen aýdýar.


22.12.2025 00:06
2.8k+

Türkmenistanda pudagara maslahatda «Bitewi saglyk» çemeleşmesiniň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy dekabrda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) goldawy bilen, Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň 4-nji mejlisi geçirildi...

10.12.2025 11:51
7.8k+

Gögerçiniň dersinde adamlar üçin howply, BSGG-niň sanawyna girýän patogenler tapyldy

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (MDU) Topragy öwreniş bölüminiň hünärmenleri gögerçinleriň dersinde adam saglygy üçin howply bolan askomiset görnüşli gabartmalary tapdylar. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu mikroorganizmler esasan hem çagalarda we immun ulgamy gowşak adamlarda bu görnüşli ýokançlyklaryň döremegine sebäp bolup biler...

04.12.2025 16:16
7k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi...

08.11.2025 17:55
6.4k+

Türkmenistanda dümewiň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça BSGG-niň okuwlary geçirildi

3–5-nji noýabr aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt edarasy ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen wirusologiýa laboratoriýalarynyň hünärmenleri üçin üç günlük hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirdi...