UEFA ýylyň iň gowy oýunçysyny we tälimçisini yglan etdi

  • 27.08.2021 11:10
  • 14k+

Angliýanyň «Çelsi» klubunyň italiýaly ýarymgoragçysy Jorjinýo Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Ýeňiji 26-njy awgustda Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişliginde yglan edildi.

Baýraga esasy dalaşgärleriň hatarynda Jorjinýonyň topardaşy, fransiýaly ýarymgoragçy N'golo Kante, şeýle hem «Mançester Sitiniň» belgiýaly ýarymgoragçysy Kewin De Bruýne bardy.

Zenanlaryň arasynda ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ispan «Barselonasynyň» ýarymgoragçysy Aleksiýa Putelýas yglan edildi.

Jorjinýo 29 ýaşynda, geçen möwsümde ol «Çelsiniň» düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Finalda londonly klub «Mançester Sitini» (1:0) ýeňdi. Galyberse-de, Italiýanyň düzüminde Jorjinýo Ýewropanyň çempiony boldy. Ýaryşda ol ýedi duşuşyga gatnaşdy we netijeli geçirim ýa-da gol bilen tapawutlanmandy.

Iň gowy derwezeban hökmünde «Çelsiniň» fransiýaly golkiperi Eduard Mendi, iň gowy goragçy — «Mançester Sitiniň» portugaliýaly oýunçysy Ruben Diaş saýlandy. Iň gowy ýarymgoragçy — Kante, iň gowy hüjümçi bolsa Dortmundyň «Borussiýasynyň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand boldy.

Iň gowy tälimçi baýragy «Çelsiniň» baş tälimçisi nemes Tomas Tuhele gowşuryldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......