Çempionlar ligasynyň bijesi çekildi: «PSŽ» — «Man Siti», «Bawariýa» — «Barselona»

Çempionlar ligasynyň bijesi çekildi: «PSŽ» — «Man Siti», «Bawariýa» — «Barselona»

26-njy awgustda Stambulda Çempionlar ligasynyň 2021/22 möwsüminiňň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi.

Toparlaryň düzümi şulardan ybarat:

A topar: «Mançester Siti», «PSŽ», «RB Leýpsig», «Brýugge»

B topar: «Atletiko Madrid», «Liwerpul», «Portu», «Milan»

C topar: «Sporting Lissabon», «Borussiýa Dortmund», «Aýaks», «Beşiktaş»

D topar: «Inter Milan», «Real», «Şahtýor», «Şerif»

E topar: «Bawariýa», «Barselona», «Benfika»,«Dinamo Kiýew»

F topar: «Willareal», «Mançester Ýunaýted», «Atalanta», «Ýang Boýz»

G topar: «Lill», «Sewilýa», «Zalsburg», «Wolfsburg»

H topar: «Çelsi», «Ýuwentus», «Zenit», «Malme»

Bije çekişligiň barşynda UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Çeferin Ýewro-2020-de Daniýa - Finlýandiýa duşuşygynyň dowamynda Kristian Eriksonyň janyny halas eden lukmanlara ýörite baýraklary gowşurdy. Şol gün şeýle hem geçen möwsümde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň öz pozisiýalary boýunça iň gowy oýunçylaryna baýraklar gowşuryldy.

ÇL-niň toparlaýyn tapgyryna gönüden-göni 26 klub çykmagy başardy. 6 klub kwalifikasiýa tapgyrlardan geçip çykdy. Klublar UEFA-nyň reýtingine görä, 4 sebede paýlandy.

Şol bir ýurduň klublary dürli toparlara düşürildi. Şeýle hem Ukrainanyň we Russiýanyň wekilleri bir topara düşürilmedi.

Çempionlar ligasy 2021/22-iň toparlaýyn tapgyrynyň duşuşyklary 14-nji we 15-nji sentýabrda başlanýar. Tamamlaýjy 6-njy tapgyr 7/8-nji dekabrda geçiriler. Çempionlar ligasynyň finaly 2022-nji ýylda 28-nji maýda Sankt-Peterburgda geçiriler.