Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary tamamlandy

  • 26.08.2021 00:32
  • 18k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň birnäçesine giriş synaglary möwsümi tamamlandy. Käbir orta hünär okuw mekdeplerinde bu möwsüm 28-nji awgustda doly tamamlanar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde maglumat berilýär.

Bellenilişi ýaly, soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde her ýylda täze hünär ugurlarynyň 30-dan gowragy açyldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti şu döwürde okuw maksatnamalaryna onlarça täze hünärleriň girizilmegi bilen, bu ugurda öňdeligi eýeleýär. Olaryň hatarynda tehnologiki işewürlik; maglumat ulgamlary we tehnologiýalar; programma inženerçiligi; kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi; amaly informatika; biznes-informatika; maglumat howpsuzlygy; senagat elektronikasy; elektron howpsuzlyk ulgamlary; amaly matematika we informatika; sanly ykdysadyýet; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk... ýaly täze hünär ugurlary bar. Tamamlanan 2020-2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna täze hünärleriň 8-si hem-de ugurlaryň 24-si girizilipdi.

2021-2022-nji täze okuw ýylyndan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň tutuşlygyna bilim bermegiň iki basgançakly ulgamyna geçendigini hem aýtmak gerek. Şular bilen birlikde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem okuwlar bakalawr we magistr maksatnamalary esasynda alnyp barylýar. Ýeri gelende bellesek, türkmen Lideriniň degişli Karary esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-si hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki 42 sany orta hünär okuw mekdebiniň 9-synda 2021-2022-nji okuw ýylyndan täze hünär ugurlarynyň 12-si boýunça orta hünär bilimli ýaşlary taýýarlap başlarlar.


düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......