Gurban Berdiýew Gazagystanyň «Kaýrat» klubunyň baş tälimçisi boldy

  • 25.08.2021 14:58
  • 8k+

Türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew «Kaýrat» gazak futbol klubuna baş tälimçi bellenildi. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi.

Hünärmen bilen şertnama ýene-de iki ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen 2021-nji ýylyň ahyryna çenli baglaşyldy.
Baş tälimçi wezipesinde ol Alekseý Şpilewskiýniň ornuna geçdi.

Gurban Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde dünýä indi. Futbol oýnan ýyllarynda ýarymgoragçy hem-de käte goragçy orunlarynda oýnady. Ol futbol bilen 1959-njy ýylda gyzyklanyp başlaýar. «Kolhozçy», «SKA»  we «Rostelmaş» toparlarynda çykyş edýär. 1977-nji, 1981-1985-nji hem-de 1993-nji ýyllarda «Kaýrat» toparynda futbolçy boldy. «Kaýrat» toparynyň düzüminde 175 duşuşykda 34 gezek tapawutlandy.

Gurban Berdiýew «Himik» toparynda tälimçilik durmuşyna gadam basdy. Soňra «Kaýrat» toparynyň tälimçisiniň kömekçisi boldy. Berdiýew tälimçi Bahtiýar Baýseitow bilen “Kaýrat” toparyna ilkinji çempionlygyny gazandyrdy. Soňra Berdiýew Türkiýäniň «Gençlerbirligi» toparyna tälim berdi. 1994-nji ýylda ýene-de Almaty şäherine dolanyp geldi, ýöne bu gezek tälimçi bolup dolanyp geldi.

Soňra ol “Munaýşy”, “Nisa”, “Kristall”, “Rubin” hem-de “Rostow” ýaly toparlara tälim berdi. Bu toparlar bilen çempion bolup, birnäçe kuboklary gazandy. Gurban Berdiýew “Rubin” topary bilen dünýäniň ägirdi Ispaniýanyň “Barselona” toparyny (şol döwürde düzüminde Messi, Hawi, Inýesta ýaly futbolçylar bardy) öz meýdançasynda, ýagny “Kamp-Nou” stadionynda ýeňmegi başaran seýrek tälimçileriň biridir.

Gurban Berdiýew 27-nji maýda “Kaýrat” toparynyň Gözegçilik geňeşiniň ýolbaşçysynyň geňeşçisi wezipesine bellenipdi. 24-nji awgustda bolsa toparyň baş tälimçiligien bellendi.


düýn 17:07
6.6k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.6k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....