Çen Huaýlun: «CNPC» gurluşyk işlerini geçirende iň häzirki zaman usullary ulanar

  • 25.08.2021 14:03
  • 5.7k+

“Galkynyş” gaz käninde täze gaz guýularyň birbada üçüsiniň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli guralan dabarada HHR-iň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili bilen birlikde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky “International Ltd.” şahamçasynyň Baş direktory Çen Huaýlun hem çykyş etdi.

Jenap Çen Huaýlun şu günki dabarada “CNPC” kompaniýasynyň wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, türkmen Liderine kompaniýanyň adyndan HHR bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge elmydama üns berýändigi, şeýle hem hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistandaky işlerinde goldaw hem-de ýardam edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “CNPC” kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak baradaky şertnama gol çekildi. Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli uzak möhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady goýuldy.

2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen desgalaryň açylyş dabarasy geçirildi. Özüni ägirt uly energiýa serişdelerini öndüriji hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde tanadan Türkmenistanyň bu ägirt uly gaz känini üstünlikli özleşdirmegi onuň giň möçberli halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge ukyplydygyny görkezdi, ýurduň dünýä derejesindäki abraýyny ýokarlandyrdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki dabaraly çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagy hytaý we türkmen hünärmenlerine berilýän ählitaraplaýyn goldawyň şöhlelenmesi boldy. Bu waka ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry aňladýar.

Jenap Çen Huaýlun “CNPC” kompaniýasynyň adyndan gurluşyk işleri geçirilende häzirki zaman ylmy-tehniki esaslandyrmalaryň hem-de usullaryň ulanyljakdygyna, guýulary burawlamak işleriniň bolsa iň ýokary hilinde ýerine ýetiriljekdigine ynandyryp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ekologiýa taýdan howpsuz hem-de ýokary tehnologiýaly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigini nygtady.

Ýeri gelende bellesek, çäräniň dowamynda döwlet Baştutany häzirki döwürde HHR-e türkmen gazynyň 40 milliard kub metriniň iberilýändigini, baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, mawy ýangyjyň 65 milliard kub metrini ibermegiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, bu görkezijiniň aňrybaş çäk däldigini, geljekde Hytaýa iberilýän tebigy gazyň mukdarynyň 100 milliard kub metre ýetiriljekdigini belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....