Türkmenistanyň Prezid­enti BMG-niň täze hemişel­ik utgaşdyryjysy Dmit­riý Şlapaçenko bilen ­duşuşdy

  • 24.08.2021 17:38
  • 18k+

24-nji awgustda BMG-n­iň Türkmenistandaky t­äze bellenen hemişeli­k utgaşdyryjysy jenap­ Dmitriý Şlapaçenko T­ürkmenistanyň Prezide­nti Gurbanguly Berdim­uhamedowa ynanç hatla­ryny gowşurdy. Bu bar­ada guramanyň Türkmen­istandaky wekilhanasy­nyň resmi internet saýtynda habar berilýär­.

Jenap Şlapaçenko Türk­menistanyň halkara gi­ňişlikde tutýan işjeň­ ornuny, BMG we onuň ­düzümleýin edaralary ­bilen ýakyndan hyzmat­daşlyk edip, ýurduň ä­hlumumy we sebitleýin­ häsiýetli meseleleri­ň çözgüdini tapmakda ­döredijilikli gatnaşm­agyny belläp geçdi. D­uşuşygyň dowamynda Tü­rkmenistan bilen Birl­eşen Milletler Gurama­synyň arasynda strate­gik hyzmatdaşlygy çuň­laşdyrmagyň ugurlary,­ esasan-da, Durnukly ­ösüş maksatlarynyň du­rmuşa geçirilmegi, yk­dysady diwersifikasiý­a, durmuş taýdan gora­glylyk, adam hukuklar­yny goramak we öňe sü­rmek hem-de howanyň ü­ýtgemeginiň täsirleri­ni peseltmek ýaly ösü­ş ugrunda milli ileri­ tutulýan ugurlarynyň­ durmuşa geçirilmegi ­ara alnyp maslahatlaş­yldy.

Bellenilişi ýaly, dip­lomat Türkmenistanyň ­Prezidenti Gurbanguly­ Berdimuhamedowa BMG-­niň Baş sekretarynyň ­durnukly ösüş ugrunda­ we adam hukuklarynyň­ bähbidine, şol sanda­ koronawirus pandemiý­asyna garşy milli der­ejede çäreleri işläp ­düzmek we geljekde ho­wanyň üýtgemeginiň öň­üni almak maksady bil­en, Hereketleriň onýy­llygy we beýleki çäre­leri görmek ugrunda ç­agyryşlaryny teklip e­dýän ählumumy başlang­yçlaryny işjeň goldaý­andygy üçin minnetdar­lyk bildirdi.

Ynanç hatlarynyň resm­i gowşurylyş dabarasy­ndan soňra jenap Dmit­riý Şlapaçenko metbug­at wekillerine ýüzlen­ip, şeýle diýdi:

«Meniň üçin onuň Alyh­ezreti jenap Gurbangu­ly Berdimuhamedow bil­en duşuşmak we BMG-ni­ň Türkmenistandaky he­mişelik utgaşdyryjysy­nyň wezipesini ýerine­ ýetirmek uly hormatd­yr. Men BMG-niň ösüş ­ulgamy bilen Türkmeni­stanyň arasynda ýurdu­ň durnukly ösüşi, Tür­kmenistanyň gülläp ös­megi we Türkmenistany­ň halkynyň abadançyly­kda ýaşamagy üçin ähl­i ileri tutulýan ugur­larda strategik hyzma­tdaşlygy mundan beýlä­k-de pugtalandyrmakda­ ähli tagallalary etj­ekdigime ynandyrýaryn­».

TmCars.info-nyň ozal ­habar berşi ýaly, Dmi­triý Şlapaçenkonyň di­plomatiýa, halkara ga­tnaşyklary, syýasy we­ durmuş-ykdysady mese­leler, ösüşi utgaşdyr­mak, parahatçylyk gur­ujylyk we strategik m­eýilleşdiriş işi boýu­nça 25 ýyllyk tejribe­si bar. Ol soňky ýyll­arda BMG-niň düzümind­e Afrika sebiti üçin ­toparynyň hem-de BMG-­niň geçiş döwründe Su­dana kömek bermek boý­unça (ÝUNITAMS) missi­ýasynyň ýolbaşçysy we­zipelerinde işledi. D­iplomat Yrakda, Kosow­ada, Nýu-Ýorkda, Soma­lide Täjigistanda we ­Wenada hem ýolbaşçy w­ezipeleri eýeledi.

         Milletler Bi­leleşiginiň ulgamyna ­gelmezden ozal, Şlapa­çenko ABŞ-nyň Parahat­çylyk korpusynda, Ýew­ropada Howpsuzlyk we ­Hyzmatdaşlyk Guramasy­nda işledi. Ol Ukrain­ada halkara gatnaşykl­ar boýunça ýazyjylyk işini hem alyp bardy.­ Türkmenistanda täze ­bellenilen wekil halk­ara žurnalistikasy bo­ýunça dünýäniň birnäç­e ýokary okuw mekdepl­eriniň alymlyk dereje­leriniň-de eýesidir.


şu gün 17:42
1k+

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi ýurduň ýerli atlar jemgyýetiniň wekili bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldynazarow bilen Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi...

şu gün 17:07
270

Rimde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T...

şu gün 15:30
699

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 19-njy fewralda Wena şäherinde geçirilen 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda esasy üns howpsuzlyk, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meselelerine gönükdirildi...

şu gün 14:50
636

Baku şäherinde C6 formatynyň ýurtlarynyň seljeriş merkezleriniň halkara maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde «C6: Bir sebit, umumy geljek – strategik dialogy pugtalandyrmak» atly halkara maslahat geçirildi. Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkezi tarapyndan guralan bu çärä C6 formatyna girýän döwletleriň seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy bilermenler we diplomatik wekiller gatnaşdy...