CNPC «Galkynyş» känindäki täze guýulary burawlany üçin 51 mlrd kub metr gaz alar

  • 24.08.2021 15:04
  • 11k+

Hytaýyň CNPC Döwlet energetiki kompaniýasy «Galkynyş» gaz käninde gazyň çykarylyşyny artdyrandygy üçin töleg hökmünde 51 mlrd kub metre çenli türkmen gazyny alar. Bu barada Reuters agentligi duşenbe güni habar berdi.

Düýn taslamany işe girizmek dabarasy geçirildi. Tmcars.info-nyň öň habar berşi ýaly, «Galkynyş» gaz känindäki täze guýularyň gurluşygyny tamamlamak hakynda türkmen Lideri şu ýylyň 16-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde degişli Karara gol çekipdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 10747-nji Kararyna laýyklykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil & Gas FZE” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy boýunça gurluşyk işlerine başlanyp, doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnamany işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Taslamany 30 aýyň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Garaşylyşy ýaly, her guýudan, ortaça, her günde 3 million kub metr gaz çykarylar.

Öň baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda, hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi üçin töleg hökmünde üç ýylyň dowamynda HHR-e her ýyl «mawy ýangyjyň» 17 mlrd kub metri iberiler.  


27.12.2025 13:07
8.5k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
19k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

15.11.2025 09:34
7.3k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.5k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...