Ýaponiýa 2024-nji ýylda Marsyň hemrasyny öwrenmek üçin missiýa iberer

  • 23.08.2021 12:10
  • 6.2k+

Ýaponiýa 2024-nji ýylda Marsyň hemrasyny – Fobosy öwrenmek üçin onuň üstünden toprak almagy göz öňünde tutýan missiýany gurnamagy meýilleşdirýär. Bu barada Ýaponiýanyň aerokosmiki gözlegler agentligi (JAXA) habar berdi diýip, TASS belleýär.

Neşir edilen tanyşdyrylyş materialyna laýyklykda, Fobosa kosmos gämisi uçurylar. Ol Marsyň Aýyna gerekli nusgalary ýygnajak zondy düşürer. Şondan soň gämi ýene Ýere dolanar. Atmosfera girmezden öň, ol uzakdaky Rýugu asteroidine “Haýabusa-2” missiýasy wagtynda edilişi ýaly, topragyň bölekleri bolan kapsulany taşlar. 

Ýaponiýaly alymlar Fobosyň üstünden 10 gram töweregi bölek almagy göz öňünde tutýarlar. Şunuň hasabyna olar hemranyň gelip çykyşy barada maglumat almak isleýärler. Mundan başga-da, Fobosda Marsyň özünden tozan we çäge bolup biler diýlip hasaplanylýar.

Marsyň hemralary Fobos bilen Deýmos 1877-nji ýylda amerikaly astronom Asaf Holl tarapyndan açyldy. Birnäçe alym bular üç mlrd ýyl mundan ozal dargap giden Marsyň has uly Aýynyň bölekleridir diýip çaklaýarlar.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....