Iki hytaý kompaniýasy birleşip, dünýäde üçünji iri polat öndürijisini emele getirdi

  • 22.08.2021 17:12
  • 6.2k+

Hytaýyň polat öndürijileri Ansteel Group bilen Benxi Steel Group ululygy boýunça dünýäde üçünji polat kompaniýasyny emele getirmek üçin birleşendikleri barada aýtdylar diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

Bütindünýä polat öndürijileriniň assosiasiýasy tarapyndan şu ýylyň iýun aýynda neşir edilen maglumatlara laýyklykda, Ansteel dünýäniň iň uly öndürijileriniň sanawynda ýedinji orny, Benxi Steel on dokuzynjy orny eýeledi. Geçen ýyl Ansteel-iň çig polat önümçiliginiň mukdary 38,19 mln tonna, Benxi Steel-iňki 17,36 mln tonna barabar boldy. Geçen ýylky maglumatlary göz öňünde tutsaň, olaryň birleşmegi bilen umumy önümçilik mukdary 55,55 mln tonna bolar. Agentligiň ýazmagyna görä, bu görkeziji ýylda 63 mln tonna çenli hem ýokarlanyp biler diýip, www.finanz.ru belleýär.

Geçen ýyl iň uly öndürijileriň sanawynda üçünji orny 43,76 mln tonna çig polat önümçiligi bilen Hytaýyň Hesteel Group kompaniýasy eýeledi. Birinji orunda 115,29 mln tonna öndürýän China Baowu Group ýerleşdi. Ikinji orny bolsa 78,46 mln tonna önümçilik mukdary bilen Lýuksemburgyň ArcelorMittal kompaniýasy eýeledi. 

Hytaý kompaniýalarynyň şertnamalaryna görä, Benxi Steel-iň paýnamalarynyň 51 göterimi Ansteel-e geçer we Benxi Steel onuň golçur kärhanasy bolar. “Bu Ansteel-iň ösüşinde taryhy pursat” diýip, agentlik kompaniýanyň baş direktorynyň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, “özgerişlerden soň Ansteel-iň işgärleriniň umumy sany, takmynan, 200 müň adam bolar”.

2025-nji ýyla çenli Ansteel 70 mln tonna töweregi çig polat we 50 mln tonna demir-magdan konsentratyny öndürmegi meýilleşdirýär, bu oňa 300 mlrd ýuan (46,3 mlrd dollar töweregi) möçberinde operasion girdeji getirer. 

Ansteel we Benxi Steel kompaniýalary, degişlilikde, 1916-njy we 1905-nji ýyllarda esaslandyryldy. Olaryň ikisi-de Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Lýaonin welaýatynda ýerleşýär.


27.05.2026 15:34
2.5k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.6k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....