Türkmenistanda toý-dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagy döwlet tarapyndan düzgünleşdiriler

  • 21.08.2021 15:26
  • 17k+

Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda aýdymçylar, sazandalar, tansçylar, alyp baryjylar, şeýle hem beýleki sungat işgärleri we döredijilik toparlary tarapyndan Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hem-de bu hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Bu resminama degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, türkmen Lideriniň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda we “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle hem wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň sentýabr aýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we beýleki şanly seneler mynasybetli geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalary ulanmaga bermegiň tertibi hakynda hasabat berdi. Türkmen Lideri öňde boljak dabaralaryň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, meýilleşdirilen medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......