Balkan kän müdirligi «Türkmen kaolin» AGPJ döretmäge paýly gatnaşar

  • 21.08.2021 02:22
  • 7.3k+

Häzirki günlerde Türkmenistanyň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hereket edýän kärhanalaryň düzümini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyklary zerur önümler bilen üpjün etmek boýunça işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri bu ministrligiň Balkan kän müdirligine “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we durkunyň täzelenilmegi kärhananyň öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan zerur çig maly satyn almaga sarp edilýän serişdeleri tygşytlamaga ýardam eder.


düýn 13:30
4.8k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

29.05.2026 08:03
7.3k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....