20-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň öň ýanynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de ozal hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 15-nji maslahatynyň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda geçirilmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berdi. Onda işlenip taýýarlanylan hukuk resminamalary ara alnyp maslahatlaşylar hem-de kabul ediler.