16-njy aprelde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

  • 15.04.2022 07:20
  • 14k+

16-njy aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada 14-nji aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, 16-njy aprelde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlary ara alyp maslahatlaşmak meselesi giriziler. Prezident Serdar Berdimuhamedow täze döwrüň talaplaryny, milli kanun çykaryjylyk ulgamyny we halkara hukuk tejribesini nazara almak bilen, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmaga, ilaty durmuş taýdan goramaga, maşgalalary goldamaga, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işleýärler.


şu gün 00:03
741

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......