Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler

  • 26.05.2024 02:01
  • 2.3k+

26-­njy maýda Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi hem­-de haly we haly önümleriniň sergisi geçiriler. 

Dabaraly çärä gatnaşyjylara Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.

"Türkmen zenanynyň zehininden hem-de akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidir" diýip, döwlet Baştutany belledi.

 


şu gün 00:03
741

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......