Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji aprelden zähmet rugsadyna çykar

  • 25.03.2022 22:26
  • 56k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji aprelden zähmet rugsadyna çykar. Degişli haýyş bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüz tutdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyl bäri ýolbaşçy wezipede işleýändigini, 25 ýyl syýasat bilen meşgul bolandygyny, şu döwürde işiň köp bolmagy bilen bagly dynç almaga doly derejede wagtynyň bolmandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji aprelden zähmet rugsadynyň berilmegini sorap ýüz tutdy. 

Bu döwürde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy täze kitaplaryny tamamlap, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara Forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogyny hem-de beýleki halkara çärelerini ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görjekdigini belledi. 

Dynç alyş döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň wezipe borçlaryny Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew ýerine ýetirer. 


şu gün 17:48
1.9k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

şu gün 12:12
1.9k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

düýn 10:07
2.9k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....