Pakistanyň daşary işler ministri Owganystanyň serhetdeş ýurtlarynda saparda bolar

  • 19.08.2021 14:03
  • 15k+

25-27-nji awgustda Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Owganystanyň serhetdeş ýurtlaryna sapar bilen barmagyna garaşylýar. Bu barada Pakistanyň birnäçe habar beriş serişdeleriniň diplomatik çeşmelere salgylanyp berýän habarlaryny newscentralasia.net saýty ýetirýär.

Pakistanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana, Täjigistana, Özbegistana we Eýrana boljak saparynyň esasy maksady döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, şeýle-de Owganystandaky dowam edýän çylşyrymly wakalary ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem onuň Türkmenistana saparynyň dowamynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. 

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, «Taliban» hereketi Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýar. Bu barada hereketiň wekili Suheýl Şahin aýtdy. Onuň sözlerine görä:

"Owganystan – bu Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda baglanyşdyryjy köprüdir. Biz hem bu arabaglanyşyklaryň bir bölegi bolmak ugrunda hem-de beýleki birnäçe taslamalar babatda iş alyp barýarys. Bizde TOPH gaz geçirijisi ýaly iri taslamalar, awtoulag we demir ýollar boýunça herekete girizmegi meýilleşdirýän taslamalarymyz bar".


şu gün 15:39
514

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....