«Taliban» hereketi TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar

  • 18.08.2021 14:08
  • 36k+

«Taliban» hereketi Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýar. Bu barada hereketiň wekili Suheýl Şahin aýtdy diýip, Praým agentligi belleýär.

"Owganystan – bu Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda baglanyşdyryjy köprüdir. Biz hem bu arabaglanyşyklaryň bir bölegi bolmak ugrunda hem-de beýleki birnäçe taslamalar babatda iş alyp barýarys. Bizde TOPH gaz geçirijisi ýaly iri taslamalar, awtoulag we demir ýollar boýunça herekete girizmegi meýilleşdirýän taslamalarymyz bar» - diýip, Şahin Sky News teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi.

Mundan öň, habar beriş serişdeleri «Taliban» hereketiniň wekilleriniň Owganystanyň ähli serhet geçelgelerini golastyna alandygyny habar berdiler. Ýekşenbe güni hereketiň wekilleri paýtagt şäher Kabula girdiler we prezidentiň köşgüni eýelediler.

Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani wezipe ygtyýarlyklaryny goýup, ýurtdan gitdi. Duşenbe gününe geçilýän gije «Taliban» hereketiniň syýasy edarasynyň resmi wekili Muhammed Naim Owganystanda uruş hereketleriniň tamamlanandygyny, döwlet dolandyryşyň görnüşiniň bolsa ýakyn wagtda aýan ediljekdigini aýtdy.

Öň habar berşimiz ýaly, şu ýylyň fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen «Taliban» hereketiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Şol duşuşygyň barşynda «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle-de Türkmenistany Owganystan bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň prosesini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi.

Belläp geçsek, TOPH gaz geçirijisini ulanmakdan Owganystanyň ýyllyk üstaşyr girdejileri 1 mlrd dollara deň bolup biler. Gazgeçiriji magistraly diňe Owganystanyň özünde 12 müň sany iş ornuny döredip biler.

TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 1735 km bolar. Şolardan 200 km-den gowragy Türkmenistanyň, 735 km Owganystanyň, 800 km Pakistanyň çäginden geçmeli. Gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr gaza babarbar bolar. Gaz geçirijiniň çig mal binýadyny «Galkynyş» gaz käni üpjün eder.


11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

30.04.2026 20:14
1.9k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......