Türkmenistan «Minsk traktor zawodynyň» ýörite tehnikalaryny satyn aldy

  • 18.08.2021 12:23
  • 15k+

«Minsk Traktor Zawody» (MTZ) Açyk paýdarlar jemgyýeti şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistana öz önümçiliginiň ýörite tehnikalaryny iberdi. Bu barada kärhananyň metbugat gullugynda habar berildi.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda MTZ önümlerini Hindistana, Ýemene, Mali, Mongoliýa, Kongo DR we Madagaskara eksport edip başlady. Kompaniýanyň eksporty 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 43% ösüşe eýe boldy. Hususan-da, tehnikalar GDA ýurtlaryna 79,1%, beýleki ýurtlara - 30% gowşuryldy.

«Minsk traktor zawody» paýdarlar jemgyýeti 1946-njy ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa dünýäniň oba hojalyk tehnikasyny öndürijileriň ilkinji sekizligine girýär. MTZ müşderilerine dürli howa we iş şertleri üçin niýetlenen ýüzden gowrak gurnama görnüşinde dürli görnüşli maşynlaryň 62 nusgasyny hödürleýär.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....