Türkmen Lideriniň Ekspo-2020 sergisiniň açylyşyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär

  • 17.08.2021 12:05
  • 15k+

16-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew golaýda diplomatik wezipesine girişen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli bilen duşuşdy. Diplomatlar türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda türkmen wekiliýetiniň Ekspo-2020 bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Al-Hameli Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň derejesine kanagatlanma bildirip, iki dostlukly ýurduň taryhy kökleriniň umumylyklary barada belläp geçdi.

BAE-niň WAM täzelikler agentliginiň ýazmagyna görä, türkmen tarapynyň wekili, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklara ýokary baha berip, diplomata täze bellenen wezipesini ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň Hökümetiniň ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaýda geçiriljek Ekspo-2020 sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasyny düzdi. Ýeri gelende bellesek, türkmen Lideri 2017-nji ýylda Gazagystanda we Italiýada, 2010-njy ýylda Hytaýda geçirilen Ekspo sergilerinde Türkmenistanyň pawilýonlarynyň açylyş dabaralaryna hem gatnaşypdy.

Pandemiýa sebäpli yza süýşürilen Ekspo-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününi 9-njy oktýabrda guramak meýilleşdirilýär. Çagyrylan myhmanlaryň gatnaşmagynda gözden geçirilişiň açylyş dabarasyny 30-njy sentýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar. Dünýäniň 192 ýurduny bir ýere jemlejek Ekspo-2020 sergisi 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......