Hytaý awtomobil eksportyny 180% ýokarlandyrdy

  • 16.08.2021 19:26
  • 15k+

Hytaýyň çäginde ýygnalan awtoulaglaryň umumy eksport möçberi iýul aýynda 174 000 birlige ýetdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 180% ýokarydyr. Hytaýyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň şeýle maglumatlaryny Sinhua agentligi neşir edýär diýip, car.ru belleýär.

Hünärmenler iýul aýynda üpjünçiligiň umumy möçberiniň 31,5%-ini alternatiw energiýa çeşmeleri bolan ulag serişdeleriniň emele getirendigini bellediler.

Ýanwar aýynyň başyndan iýul aýynyň ahyryna çenli döwürde Hytaý daşary ýurt bazarlarynda 1 000 000-dan gowrak awtomobil satdy. Ýyllyk aňlatmasynda görkezijiniň ösüşi 120% boldy. Umumy satuw göwrümini alanyňda, ol Hytaýda şu ýylyň 7 aýynyň dowamynda 19,3% ýokarlandy. Umumy görkeziji 14 760 000 awtomobile deň boldy. 

Umumy oňyn ösüşe garamazdan, Hytaýyň awtomobil bazarynda ýylyň birinji ýarymynda pese gaçyş hasaba alyndy. Hytaýyň ýolagçy awtomobilleri assosiasiýasy tarapyndan şu hepdäniň başynda neşir edilen maglumatlara görä, geçen aýda ýurtda ýolagçy awtomobilleriniň ownuk söwdasynyň umumy möçberi ýyllyk aňlatmasynda 6,2%, ýagny 1,5 mln birlige çenli azaldy.


şu gün 09:36
1.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......