Saç dökülmesine garşy plastyr oýlanyp tapyldy

  • 16.08.2021 17:00
  • 17k+

Çženszýan uniwersitetiniň hytaýly barlagçylary saçy dökülýän adamlara kömek etmek üçin özboluşly plastyr döretdiler. Bu barada European Pharmaceutical Review-e salgylanyp, ferra.ru habar berdi. 

Barlagçylar ylmy işleriniň bir bölegi hökmünde deridäki oksidleýji prosesleri çäklendirip bilýän seriý himiki elementini saç follikulalaryna nädip eltip boljakdygyny öwrendiler. Netijede,
gialuron turşusyndan düzüminde seriýli mikroiňňeleri bolan ereýän plastyr ýasaldy.

Täze plastyr syçanlarda synag edilip görüldi. Barlagyň dowamynda syçanlaryň endamy syryldy we tüýleriniň täzeden ösüşine belli bir wagtyň dowamynda gözegçilik edildi. Plastyryň kömegi bilen gemrijileriň käbirinde tüýleriň ösmegi gazanyldy. Netijede, bu plastyryň saç düşmesine garşy göreşmekde hakykatdanam täsirlidigi ýüze çykdy.


şu gün 16:56
557

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
912

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....