Amerikaly uçarman kosmosda bolmagyň täsirleri hakynda gürrüň berdi

  • 16.08.2021 16:59
  • 8.3k+

“Science Focus”-yň awtory Ýen Teýlor kosmos gämisiniň uçarmanynyň kosmos syýahaty baradaky täsirlerini çap etdi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Habarçynyň aýtmagyna görä, kosmos uçuşlary boýunça iş alyp barýan Virgin Galactic kompaniýasynyň baş piloty Deýw Makkeý uçuş wagtynda bolup geçýän zatlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Makkeýiň pikiriçe, kosmosda nol agyrlyk güýjüne geçiş hadysasy haýaljakdan bolup geçýär. Ilki bilen raketanyň bady güýçlenýär, soň bolsa agramsyzlyk başlanýar. Ilk-ä - bütinleý ümsümlik bolýar, soňra bolsa kosmos gämisiniň daşyndan sesler eşidilip ugraýar diýip, Makkeý belleýär.

Uçarmanyň pikirine görä, kabinanyň penjiresinden başaşaklygyna ajaýyp görnüş açylýar. Kosmosyň özi garaňky, gara reňkde, Ýer bolsa has ýagty görünýär. Şonda Ýeri, onuň daşyndaky ýukajyk atmosfera gatlagyny synlamak bolýar.

Umuman, kosmosda bolmak güýçli täsirleri galdyrýar. Şondan birnäçe hepdeden we birnäçe aýdan soň hem şol ýerde bolup geçen zatlar hakda pikir edýärsiň diýip, kosmonawt belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, Deýw bu ajaýyp görnüşden lezzet almak üçin wagtyň ýokdugyny aýdýar. Bularyň bary bary-ýogy birnäçe sekuntda bolup geçýär diýip, kosmonawt belleýär.

şu gün 07:22
492

Altaýda çagalaryň tiz uka gitmegine ýardam edýän usul patentleşdirildi

Altaý goraghanasynyň alymlary çagalaryň çalt uka gitmegini üpjün edýän we stres derejesini peseldýän täze usuly patentleşdirdiler. Bu usulda Altaýyň goralýan çäklerinde ýaşaýan guşlaryň hakyky owazlarynyň......

şu gün 01:07
500

«Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginde ýaş zehinler öz innowasion taslamalaryny hödürledi

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurt boýunça iki ýüze golaý zehinli okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen «Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi....

düýn 16:01
1.7k+

Hytaýda işlenip düzülen, elektrik awtoulag batareýalary üçin niýetlenen termal gorag 1300 ℃ -a çenli çydap bilýär

Nankin tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny gyzmakdan we ýanyp gitmekden goraýan material oýlap tapdylar diýip, CarNewsChina ýazýar....

düýn 15:59
3k+

Ylmy jedellere nokat goýuldy: Nanotirannus resmi taýdan aýratyn dinozawr görnüşi diýlip ykrar edildi

Prinston uniwersitetiniň we Nebraska ştatynyň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky halkara alymlar topary Nanotirannusyň «Tirannozawr reksiň» (T. rex) ýaş wekili däl-de, eýsem, aýratyn görnüşli dinozawrdygyny......