Ýaponiýanyň Premýer-ministri türkmen Liderini ýurduň ilkinji Olimpiýa medaly bilen gutlady

  • 15.08.2021 16:50
  • 19k+

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medaly bilen gutlap, ýörite gutlag hatyny ýollady.

Gutlag hatynda: «Sizi Tokioda geçirilen Olimpiadada Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazanan üstünligi, aýratyn-da, Siziň ýurduňyzyň taryhynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça ilkinji Olimpiýa medally türgeniň peýda bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Günüň dogýan ýurdunda — Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde oýunlaryň kümüş medalyna eýe bolup, Türkmenistanyň täze taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny getirdi. 

Ýosihide Suga öz hatynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini belläp, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlygy wezipesine bellenilmegine kanagatlanma bildirýändigini aýtdy. Ýaponiýanyň Premýer-ministri şeýle hem türkmen Liderini Sumitomo Corporation ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýanyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady.

Hatda geljek ýylda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi barada aýdylyp, Ýaponiýanyň Hökümetiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirilýär.


düýn 06:27
17k+

«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 19-njy fewrala geçilen gije Er-Riýadda bolan bu oýun saud toparynyň çärýek finala çykmagyny üpjün etdi...

18.02.2026 13:12
10k+

Şu gün Er-Riýadda «Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygynyň jogap oýny bolar

Şu gün, 18-nji fewralda Er-Riýadyň «Mrsul Park» stadionynda AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda Türkmenistanyň çempiony — «Arkadag» futbol klubuny kabul eder...

17.02.2026 16:38
8.7k+

Türkmen emini AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň «Al-Ahli» — «Esteglal» duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistandan FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 2025–2026 möwsüminiň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy üçin ätiýaçdaky emin hökmünde bellenildi. Kataryň «Al-Ahli» we Eýranyň «Esteglal» toparlarynyň arasyndaky bu oýun 18-nji fewralda Dohanyň «Al-Tumama» stadionynda geçiriler...

17.02.2026 15:35
2.3k+

Aşgabatda «Grassroots Football Day» çagalar futbol festiwaly geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda «Grassroots Football Day» festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda we «Altyn asyr» futbol klubunyň goldawy bilen geçirilen bu çäre futbol janköýeri bolan 100-den gowrak çagany bir ýere jemledi...