Özbegistanda galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmak üçin platforma işe girizildi

  • 14.08.2021 09:29
  • 10k+

Özbegistanda smartfon arkaly galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmak üçin platforma işe girizildi. Bu barada Orient Finans banky we MayaSoft kompaniýasy habar berýär diýip, uz.sputniknews.ru belleýär.

Visa Tap to Phone tehnologiýasy smartfony goşmaça enjamlarsyz terminala öwürmäge kömek edýär. Eýýäm şu günden başlap Özbegistanda kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň eýeleri Android sistemasynda işleýän smartfonuň we täze tehnologiýanyň kömegi bilen platformadan peýdalanyp bilýärler.

Munuň üçin ekwaýring şertnamasyny baglaşmaly, MARTA Terminal programmasyny ýüklemeli we ony sms ýa-da email arkaly işjeňleşdirmeli. Özbegistanlylar hatda Internet toruna birikmezden hem, mobil aragatnaşygy bolan respublikanyň islendik ýerinden tölegleri amala aşyryp bilýärler. 

Sarp edijiler galtaşyksyz kartlarynyň we smartfonlaryň kömegi bilen harytlary üçin howpsuz, çalt we amatly ýagdaýda töläp bilerler.

Kärhanalar tarapyndan tehnologiýanyň ulanylmagy nagt pullaryň gaýtadan işlenilmegini ýeňilleşdirer, söwda nokadynyň müşderi bazasyny artdyrmaga we ekwaýring hyzmatlaryna birikmek üçin çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer.


23.06.2023 15:54
30k+

Özbegistan emeli ýagyş ýagdyrmakda BAE-niň tejribesini durmuşa ornaşdyrmagy meýilleşdirýär

Özbegistan emeli ýagyş ýagdyrmakda BAE-niň tejribesini durmuşa ornaşdyrmak isleýär. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow öz Telegram kanalynda ýazypdyr diýip, Trend habar berýär. Onuň sözlerine...

düýn 15:53
798

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

düýn 12:29
1k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

düýn 08:07
1.2k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....