Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministrligi mekdep mugallymlarynyň koronawirusa garşy sanjymyny tamamlap, 18 ýaşdan uly talyplar üçin sanjym kampaniýasyna girişýär. Bu barada respublikanyň Saglygy goraýyş ministri Alekseý Soý hökümet mejlisinde aýtdy diýip, TASS habar berýär.
“Mekdep mugallymlarynyň we işgärleriniň sanjymy tamamlanýar. 18 we ondan uly ýaşly talyplara sanjym etmek başlandy. Hemişelik lukmançylyk görkezmeleri bolan we soňky üç aýda kesellän adamlardan başga mugallymlar we işgärler ýüz göterim sanjym alandan soň, mekdeplerde adaty okuw formatyna geçmek bolar” – diýip, ol aýtdy.
Edara ýolbaşçysy bilim edaralaryna girilende ýurtda epidemiki ýagdaý baradaky maglumatlary gözegçilikde saklamak we seljermek üçin niýetlenen Ashyq mobil programmasynyň ulanylmagyny maksadalaýyk hasaplaýar. Öz gezeginde, respublikanyň premýer-ministri Askar Mamin täze okuw ýylynda okuwyň sanitar-epidemiýa çäreleriniň berjaý edilmegi bilen adaty formatda başlajakdygyny aýtdy.
Geçen okuw ýylynda Gazagystanda 3,4 mln töweregi mekdep okuwçysy bilim almaga başlady, olar hem gaýybana, hem uzak aralykdan bilim aldylar. Şu ýyl 3,6 mln çaganyň mekdebe gitmegine garaşylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde we kollejlerde okaýanlaryň sany, degişlilikde, 650 müň we 470 müň bolar.