Hytaý kompaniýasy dünýäde iň kiçi smartfonlary öndürip başlady

  • 11.08.2021 18:04
  • 19k+

Gonkongda we Hytaýyň bazarynda öňe çykyp ugran özboluşly enjam öndürijisi bolan Mony söwda markasy dünýäde iň kiçi 4G smartfony hasaplanýan gaty kiçi we ýeňil “Mony Mint”-i çykardy. Enjam LTE baglanyşygyny goldaýan 3,3 dýuýmlyk “Palm Phone”-dan birneme kiçi 3 dýuýmlyk duýgur ekran bilen üpjün edilen. Bu barada Astera habar berýär.

"Mony Mint" kaşaň dizaýny bilen özüne çekýär. Elýeterli portlaryň we gapdal düwmeleriň sanynyň azlygy minimalistik dizaýnyň üstüni ýetirýär: onda USB-C portundan daşary diňe sesi dolandyrýan we öçürip-ýakýan düwmeler bar.

Çaklaňja smartfon 3 Gb RAM we 64 Gb içerki ýat bilen üpjün edilip, onuň ýadyny SD kart üçin niýetlenen ýer arkaly 164 Gb-e çenli ulaldyp bolýar. Iki SIM-kartaly smartfon özünde gelýän programmalar bilen hem tapawutlanýar.

“Mony Mint” “Android 9”-da işlär we dünýäniň esasy simsiz ulgamlaryna baglanmaga ukyplydyr. Şeýle hem onuň gapagynyň astynda 1250mAh akkumulýator bolup, ol doly zarýad bilen batareýany 72 sagada (3 gün) çenli işledip bilýär.


13.05.2026 19:33
1.3k+

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

05.05.2026 23:03
3k+

5000 dollarlyk robot-balyk akwariumdaky janly arowananyň ýerini tutar

Hytaýyň FullDepth kompaniýasy «Bionic Arowana» atly robotlaşdyrylan balygyny hödürledi. Bu roboty akwariumlarda saklanylýan hakyky arowana balygynyň ornuna, täze bir alternatiwa hökmünde ulanmak maslahat......

22.04.2026 17:02
1.2k+

Hytaýda AI-niň zerurlyklary üçin niýetlenen kuwwatly hasaplaýyş klasteri işe girizildi

Çençžou şäherinde Hytaýyň iň uly ylmy hasaplaýyş klasteri işläp başlady, ol çylşyrymly ylmy barlaglary awtomatlaşdyrmak üçin 60 000 emeli aň tizlendirijisini özüne birleşdirýär....

21.04.2026 20:31
7.9k+

Hytaýda iPhone 17 Pro Max-yň «ekiztaýy» peýda boldy

Hytaýda täze tanyşdyrylan «Tecno Spark 50 4G» smartfony žurnalistleriň bada-bat ünsüni çekdi. Olaryň pikiriçe, bu enjamyň dizaýny geljekki «iPhone 17 Pro Max» modeliniň görnüşini gaýtalaýar....