Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň IIM-niň ýolbaşçylary «Awazada» gepleşikleri geçirdiler

  • 11.08.2021 17:42
  • 12k+

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda ýakynda geçirilen çäreleriň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň içeri işler ministri, milisiýanyň general-maýory Ulan Niýazbekowyň Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň polkownigi Öwezdurdy Hojaniýazow bilen duşuşygy geçirildi diýip, Gyrgyz Respublikasynyň IIM-niň metbugat gullugy ýazýar.

Iki ýurduň IIM-niň ýolbaşçylary sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, tehnologik ösüş bilen baglylykda, guramaçylykly jenaýatçylyk, ekstremizm we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde halkara gatnaşyklarynyň orny barha artýar.
Gyrgyz tarapy neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde Türkmenistanyň üstünlikli tagallalaryny nygtap, bu babatda Gyrgyzystanyň IIM-niň türkmen kärdeşlerini möhüm hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini bellediler.


düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......