Türkmenistanda bilim işgärleriniň döwlet maslahatynda möhüm çözgütler kabul ediler

  • 11.08.2021 10:10
  • 13k+

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralaryň öňüsyrasynda ýakyn wagtda Türkmenistanda bilim ulgamynyň işgärleriniň döwlet maslahaty geçiriler. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň orta we ýokar okuw mekdepleriniň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek babatda möhüm çözgütler kabul ediler.

Öň habar berşimiz ýaly, meýilleşdirilýän bu möhüm ähmiýetli çäreleriň guramaçylygyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyndan gözegçilik edýär.
1-nji awgustdan dynç alşa çykan türkmen Lideri «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda bilim işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaralaryň guramaçylyk derejesine uly üns berilmelidigini belledi.


düýn 23:48
1.2k+

Aşgabatda Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministriň orunbasary Azat Ataýewiň Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki......

17.04.2026 17:58
4.7k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasy» açyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasy» açyldy. Dabara Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy....

16.04.2026 16:52
1.7k+

Türkmenistan we Tatarystan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maslahatlaşýar

15-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministr Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewiň arasynda duşuşyk......

16.04.2026 15:51
3.6k+

Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi

15-nji aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu......