BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýolbaşçysy Türkmenistandaky işini tamamlady

  • 11.08.2021 09:19
  • 5.6k+

10-njy awgustda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda öz işini tamamlaýan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar 1995-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen bellediler. BMGÖM ösüş ulgamynda BMG-niň işjeň edarasy bolmak bilen, ol türkmen tarapyna «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, durnukly oba hojalygy, sanlylaşdyrmak, şeýle-de durmuş goraglylygy ulgamyny gowulandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek bilen bir hatarda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek prosesinde netijeli hünär tejribelerini hödürleýändigi barada aýdyldy. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistan babatynda 2021-2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasy üstünlikli işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Türkmenistanda alyp baran işlerine berlen ýokary baha üçin hem-de öz adyna aýdylan mähirli sözlere we ýagşy arzuwlara hoşallyk bildirmek bilen,  hanym Natiýa Natswlişwili netijeli hyzmatdaşlyk we Türkmenistanda BMGÖM-iň işine berlen goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......