Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuna baryp gördi

  • 06.08.2021 00:11
  • 20k+

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet saparynyň çäginde Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna baryp gördi.

Rahmon Türkmenbaşy şäherine kärdeşi Gurbanguly Berdimuhammedow bilen ugrady.

Deňiz porty bilen tanyşlygynyň çäginde täjik lideri Täjigistanyň harytlaryny we önümlerini daşamakda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada portuň ýolbaşçylary bilen söhbet etdi.
Bu merkezi beýleki ýurtlaryň bazarlaryna çykmak üçin ulanmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Taraplar deňiz portundan Täjigistanyň dürli harytlaryny import we eksport etmek meselesine garadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Emomali Rahmon Ulag ministrligine, Senagat we täze tehnologiýalar ministrligine we «Täjik demir ýollaryna» bu portdan netijeli peýdalanmak baradaky tekliplerini işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet saparynyň ahyrynda, 6-njy awgustda Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awazada» geçiriljek resmi däl sammitine gatnaşar.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......