Öwez Öwezow Tokio Olimpiadasynda 109 kg çenli agram derejede 10-njy boldy

  • 04.08.2021 02:27
  • 16k+

Tokiodaky Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýän Öwez Öwezow agyr atletika boýunça 109 kg çenli agram derejesindäki ýaryşda ilkinji 10-njy netijäni görkezdi. 

Öwez Öwezow umumylykda 371 kg agramy göterdi (171 kg silterläp we 200 kg itekläp).
Ýaryşda birinji orny Özbegistandan Akbar Žuraýew — 430 kg (193+237), ikinji orny Ermenistandan Simon Martirosýan — 423 (195+228), üçünji orny bolsa Latwiýadan Arturs Plesniýeks — 410 kg (180+230) mynasyp boldy.

4-nji awgustda ildeşimiz Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.


şu gün 11:37
3.3k+

AFK-2 Çempionlar ligasynda «Ahal» «Al-Husseýnden» utulyp, С toparda utuksyz galdy

30-njy sentýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda Iordaniýanyň çempiony «Al-Husseýn» bilen duşuşdy. Oýun myhmanlaryň peýdasyna 1:4 hasabynda tamamlandy...

düýn 16:39
316

Türkmenistanda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy ýygyndy neşir edildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň ýygyndysyny neşir etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna...

25.09.2025 21:15
77

«Arkadag» FK ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny aldy

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny yzly-yzyna ikinji gezek eýeledi. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» «Ahaldan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde iki goly Altymyrat Annadurdyýew (52-nji hem-de 63-nji minutlar), ýene bir topy bolsa Mirza Beknazarow (14) geçirdi...

22.09.2025 17:43
6

Aşgabatda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli forum geçirildi

20-nji sentýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum geçirildi. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli guraldy...