Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary syýahatçylar üçin giriş düzgünlerini üýtgedýärler

  • 04.08.2021 01:18
  • 5.3k+

Ýewropa syýahatçylary şu tomus ol ýa-da beýleki bir ýurda girmegiň hemişe üýtgäp durýan düzgünlerine üns bilen gözegçilik etmeli bolýarlar. Germaniýa 1-nji awgustdan doly sanjym almadyk syýahatçylardan koronawirus üçin otrisatel barlagy ýa-da ýakynda geçirilen kesel barada kepilnamany talap edýär. Bu on iki ýaşdan uly adamlara, şol sanda ýurda awtomobil bilen gelýänlere degişlidir diýip, Euronews habar berýär.

Daniýa çäklendiriji çäreleri gowşadýar. 500-den az orna niýetlenen teatrlara we kinoteatrlara gitmek üçin “saglyk pasporty” indi talap edilmeýär. Bu muzeýlere, bazarlara we haýwanat baglaryna hem degişlidir. Degişli şahadatnama 2000 töweregi gatnaşyjy bilen açyk howada geçirilýän çäreler üçin hem zerur däl.
Portugaliýada birinji awgustdan oňaýsyz ýagdaýlar sebäpli sebitlerde girizilen komendant sagady ýatyrylýar. Dükanlara, restoranlara we barlara gije sagat ikä çenli işlemäge rugsat berilýär. Ýöne dynç günleri myhmanhanalarda bolmak we restoranlara barmak üçin müşderilerden sanjym kepilnamasyny ýa-da koronawirus üçin otrisatel barlagy görkezmek soralar.
Fransiýanyň Marsel şäherinde otuz müň töweregi janköýer “Oranž Welodrom” futbol stadionyna gaýdyp bardy. Bu ýerde “Olimpik Marsel” bilen “Wilýarrealyň” arasynda dostlukly oýun geçirildi. Şu ýylyň ýazynda stadion koronawirus üçin barlagdan geçirmegiň we sanjym merkezi hökmünde ulanyldy.


düýn 15:59
3.2k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.8k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......

26.04.2026 21:03
5.5k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy....

25.04.2026 12:45
4k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......