Hökümetiň göçme mejlisi: geçen 7 aýyň ykdysady görkezijileri

  • 31.07.2021 14:58
  • 9.3k+

30-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada aýdylanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň umumy möçberiniň 5,2 göterim ýokary bolmagyna garaşylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 17,5 göterim artar.
Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 113,9, çykdajy böleginiň 97,4 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça zähmet haky 10,5 göterim ýokary bolar. Deslapky maglumatlara görä, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň ýyllyk meýilnamasynyň 36,2 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar. Bular barada mejlisiň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow türkmen Liderine hasabat berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetine hödürlemegi tabşyrdy. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri amala aşyrmak boýunça işleri dowam etmek barada degişli görkezmeler berildi.


şu gün 15:42
494

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
6k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......