Microsoft maliýe ýylyny rekord möçberli arassa girdeji we düşewünt bilen tamamlady

  • 31.07.2021 01:12
  • 2.7k+

Microsoft amerikan korporasiýasy 30-njy iýunda tamamlanan 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça rekord möçberli arassa girdeji we düşewünt aldy. 

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, onuň arassa girdejisi 38% ýokarlanyp, 61,27 mlrd dollara, korrektirlenen girdeji 37% ýokarlanyp, 60,65 mlrd dollara ýetdi. Düşewünt 18% ýokarlanyp, 168,1 mlrd dollara barabar boldy.
Şol sanda dördünji maliýe çärýeginde arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründe alnan 11,202 mlrd dollar ýa-da paýnama üçin 1,46 dollar bilen deňeşdirilende, 47% ýokarlanyp, 16,458 mlrd dollar ýa-da paýnama üçin 2,17 dollar boldy.
Düşewünt 21% ýokarlanyp, bir ýyl ozalky 38,033 mlrd dollara garşy 46,152 mlrd dollara ýetdi. 
FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň çärýek girdejisini ortaça 44,22 mlrd dollar girdeji bilen paýnama üçin 1,92 dollar diýip hasapladylar.
Azure bulut serwisini we serwerler üçin programma üpjünçiligini çykarmak işini öz içine alýan Intelligent Cloud (“Akylly bulut”) bölümçesiniň girdejisi geçen çärýekde 30% ýokarlanyp, 17,375 mlrd dollara ýetdi. Hünärmenler görkezijini 16,39 mlrd dollar diýip hasapladylar.
Aýratyn-da, Office programmalar toplumyny işläp düzýän Productivity Business Processes bölümçesi girdejisini 25% - 14,69 mlrd dollara çenli artdyrdy. Analitikler 13,93 mlrd dollar bolmagyna garaşypdylar.
More Personal Computing biznesiniň girdejisi 9% ýokarlanyp, çaklanylan 13,78 mlrd dollara garanda, 14,09 mlrd dollara barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde Surface gurluşlarynyň satuwyndan gelýän girdeji 40%, oýunlaryň we konsollaryň satuwyndan gelýän girdeji 4% azaldy.
Microsoft dördünji maliýe çärýeginde paýdarlara diwident tölegleri we paýnamalaryny yzyna satyn almak görnüşinde 10,4 mlrd dollar gaýtaryp berdi, bu geçen ýylyň degişli döwründe bu maksatlar üçin sarp edilen mukdardan 16% ýokarydyr.
Microsoft-yň kapitallaşdyrmasy şu ýylyň başyndan bäri 28,6% ýokarlandy we häzirki wagtda 2,18 trln dollara barabar. Bu döwürde Dow Jones Industrial Average fond indeksi 14,8%, Standard & Poor’s 500 – 17,7% ýokarlandy.


20.10.2025 17:43
1.8k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

13.10.2025 09:29
1.6k+

IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi

IDC amerikan analitik kompaniýasynyň hasabatyna görä, dünýä boýunça kompýuter üpjünçiligi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,4% artdy we 75,8 million birlige ýetdi. Bu ösüş esasan Windows 11 operasion ulgamyna geçmek üçin köne kompýuterleriň çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr...

19.09.2025 00:56
2k+

Microsoft, Google, Nvidia we beýleki kompaniýalar Britaniýada EA-nyň ösüşine $42 mlrd maýa goýar

Iň uly amerikan tehnologiýa kompaniýalary 31 mlrd funt sterling möçberde (42,3 mlrd dollar) Beýik Britaniýa maýa goýumlary yglan etdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. Bu bildiriş ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwlet sapary bilen Londona gelen güni aýdyldy...

09.09.2025 23:17
7.3k+

Trillioner tehnologiýa ägirtleriniň umumy kapitalizasiýasy 21 trln dollara ýetdi

ABŞ-nyň sekiz sany iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bahasy 21 trln dollardan geçdi. Nvidia-nyň paýnamalarynyň pese gaçandygyna garamazdan, bir hepdede olaryň bazar bahasy 420 mlrd dollar ýokarlandy. Indi bu kompaniýalar S&P 500 indeksiniň, takmynan, 36%-ini emele getirýär diýip, CNBC habar berýär...