«Plastmassadan şamlyk». Alymlar plastik galyndylary iýmite öwürmegiň usulyny tapdylar

  • 30.07.2021 14:01
  • 15k+

Alymlar plastmassanyň tebigata ýetirýän zyýanyny azaltmagyň usulyny oýlap tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Has takygy, ylmy barlagçylar plastik galyndylary iýilýän beloga öwrüp biljek tehnologiýany döretdiler. Tehnologiýa sintetiki biologiýa ýörelgelerine esaslanýar. Munda alymlar, esasan hem, mikroblaryň genomyny redaktirlediler, şonuň netijesinde bolsa olar plastik galyndylary dargadyp, beloga öwrüp bilerler. Daşyndan başgaça ýaly bolup görünse-de, bu hem edil beýleki çeşmeleriň üsti bilen kabul edilýän belok ýaly iýilýän belokdyr.
Mälim bolşy ýaly, plastik galyndylaryna çözülmesi kyn ekologiýa meselesi hökmünde garalýar. Olar ummanlara zyňylýarlar hem-de janly organizmlere, şol sanda suw içýän we deňiz önümlerini iýýän adamlara zyýan berýär. Täze açyş şeýle zyýanlaryň öňüni almakda aýgytly ädim bolar diýip, ylmy barlaga gatnaşyjylar nygtaýarlar.
Mundan başga-da, alymlar plastmassany ýangyç çeşmesine öwrüp biljek tehnologiýany hem döretmegi maksat edinýärler diýip, çeşme belleýär.


düýn 18:51
3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....