Hytaýly agyr atletikaçy Şi Çžiýun dünýä rekordy bilen Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji boldy

  • 30.07.2021 13:39
  • 5.3k+

Hytaýly Şi Çžiýun Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 73 kg çenli agram kategoriýasynda agyr atletika boýunça ýaryşda ýeňiji boldy. Silterläp götermekde hytaýly türgen 166 kg agramy, itekläp götermekde 198 kg, jemi 364 kg agramy göterdi. Ahyrky netije täze dünýä rekordy boldy, mundan öňki üstünlik hem (363 kg) Şi Çžiýuna degişlidi. Onuň hasabynda silterläp götermekde (169) we itekläp götermekde (198) hem dünýä rekordlary bar.

Kümüş baýraga wenesuelaly Hulio Maýor (346; 156+190), üçünji orna Indoneziýadan Rahmat Abdulla (342; 152+190) mynasyp boldy.
Şi Çžiýun 27 ýaşynda, ol 69 kg çenli agram kategoriýasynda 2016-njy ýyldaky Oýunlaryň ýeňijisidir. Şeýle-de, onuň hasabynda dünýä çempionatlarynda üç ýeňşi bar.


21.06.2026 21:03
1.9k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....