Hytaýly türgenler garyşykda 10 metrden pnewmatik sapança we pnewmatik tüpeň bilen atmakda altyn medal gazandylar

  • 29.07.2021 21:58
  • 3k+

Hytaýly türgenler garyşykda 10 metrden pnewmatik sapança we pnewmatik tüpeňden atmak boýunça ýaryşlarda Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar. Ýagny, garyşykda 10 metrden pnewmatik sapança bilen atmakda Szýan Žansin bilen Pan Weý 16:14 hasabynda kümüş medal alan russiýaly türgenler Witalina Basaraşkina bilen Artýom Çernousowy ýeňdi. Bürünç medala ukrainaly garyşyk jübütler Ýelena Kostewiç bilen Oleg Omelçuk mynasyp boldy.

Şeýle-de, garyşykda 10 metrden pnewmatik tüpeň bilen atmakda hem hytaýly türgenler ýeňiş gazandy. Finalda Hytaýyň wekilleri Ýan Sýan bilen Ýan Haožan 17:13 hasabynda amerikaly türgenler Meri Taker bilen Lukas Kozeneskini ýeňdi. Bürünç medaly russiýaly türgenler Ýuliýa Karimowa bilen Sergeý Kamenskiý aldy.


21.07.2025 18:50
3.6k+

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän dünýä çempionatynda 348,4779 utuk gazanyp, topar hasabynda altyn medal aldy. Bu barada World Aquatics halkara federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär...

09.07.2025 20:06
6.7k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...

08.07.2025 17:49
16k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

16.04.2025 18:30
2.3k+

Hytaýly Szýuý Wenszýun küşt boýunça dünýä çempiony titulyny gorady

Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony, hytaýly Szýuý Wenszýun watandaşy Tan Çžunine garşy oýunda öz titulyny üstünlikli gorady. Ýaryş Şanhaýda we Çunsinde geçirildi. Dokuzynjy döwde ak mallar bilen oýnan Szýuý Wenszýun 6,5 utuk toplap, ýeňiş gazandy, bu hem oňa çempion titulyny üpjün etdi...