Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

  • 29.07.2021 08:52
  • 11k+

Şu ýylyň 5-6-njy awgustynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna salgylanyp, Sputnik habar berýär. 

Täjik Lideri saparynyň dowamynda Awazada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň bellemegine görä, 28-29-njy iýulda Duşanbede geçirilýän Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisiniň dowamynda Prezident Emomali Rahmonyň Türkmenistana sapary üçin taýýarlanylan ikitaraplaýyn resminamalar toplumy hem ara alnyp maslahatlaşylýar.
Muhriddin: «Täjigistan tarapy döwlet Baştutany Emomali Rahmonyň Türkmenistana boljak saparynyň taryhy waka boljakdygyna umyt edýär» diýip belleýär.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleri soňky gezek 2019-njy ýyldaky GDA sammitiniň çäginde Aşgabatda duşuşypdylar. Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda zerur ädimler ädildi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň maý aýynda iki döwletiň arasyndaky pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin «Ýol kartasy» kabul edildi, bu birnäçe bilelikdäki amaly çäreleri öz içine alýar.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......