Türkmen wekiliýeti howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy

  • 29.07.2021 08:17
  • 7.5k+

26-27-nji iýul aralygynda Täjigistan Respublikasynda Howanyň üýtgemegi boýunça 4-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem onlaýn görnüşde gatnaşdy.

Maslahat Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi (CAREC) tarapyndan “Aral deňzi basseýninde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak we olary gowşatmak boýunça Maksatnamasy” atly Dünýä bankynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bilelikde alyp barýan taslamanyň çäklerinde geçirildi we ol CAREC-niň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.  
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky ministrlikleriniň ýolbaşçylary, parlamentleriň, döwlet, ylmy edaralarynyň, jemgyýetçilik hem-de halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti maslahatyň işine göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy.   
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Merkezi Aziýada howa ulgamyndaky syýasatynyň işlenilip düzülmegine we netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 
Maslahatyň barşynda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy mejlisine görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berildi.


düýn 08:11
2.7k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......

11.05.2026 22:59
1.1k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

10.05.2026 15:15
848

Tolqyn Film Fund Merkezi Aziýaly awtorlar üçin kino taslamalary bäsleşigini yglan etdi

«Tolqyn Film Fund» wençur gaznasy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan awtorlar üçin täze kino taslamalary bäsleşiginiň açylandygyny mälim etdi....

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....